logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde, häzirki döwürde türkmen bedewlerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýäde wagyz etmek döwlet derejesinde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Atçylyk pudagynda alnyp barylýan ylmy-seçgi işleri, halkara sergiler we baýramçylyk çäreleri bedewleriň şöhratyny has-da artdyrýar. Türkmen bedewleriniň milli buýsanjy hökmünde sarpalanmagy ýaş nesillerde taryha hormat goýmak we milli gymmatlyklara wepalylyk ruhuny berkitmäge hyzmat edýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyş sözleri aýdyldy.