logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW BATLY, AT-MYRATLY DIÝARYM!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýyly “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Bedew batly, at-myratly Diýarym!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň bedew bady bilen başlanandygyny, türkmen halkymyzyň bedewi mydama özleriniň iň ýakyn syrdaşy hasaplandyklaryny nygtamak bilen türkmen bedewi barada Gahryman Arkadagymyzyň ýazan gymmatly kitaplary şeýle hem türkmen bedewleri barada döredilen atalar sözleriniň we nakyllaryň many- mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Soňra döredijilik işgärleri türkmen bedewleri barada goşgularyny okadylar. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň ajaýyp ösüşleriniň, ajaýyp ýeňişleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.Şeýle hem dabarada çykyş edenler şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjekdigini, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli ugurlardaky üstünlikleriniň asyrlara barabardygyny buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Rowaçly Watanym-dillerde dessan, Garaşsyz, Bitarap jan Türkmenistan!” ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.