logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW BATLY, AT-MYRATLY DIÝARYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Bedew batly, at-myratly Diýarym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda türkmen bedewleri bilen baglanyşdyrylmagynyň özeninde halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän ýörelgelerine ygrarlylygyň jemlenendigi hakynda täsirli söhbet etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýazan ahalteke bedewleri hakyndaky gymmatly kitaplary, türkmen bedewlerine döredilen atalar sözleriniň we nakyllarynyň many-mazmuny hakynda hem giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.