logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEDEW BATLY, AT-MYRATLY, DIÝARYM!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bedew batly, at-myratly, Diýarym!” ady bilen ýazgy edildi.
Çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni täze-täze ösüşlere, ajaýyp ýeňişlere beslenip gelýär. Biziň milli medeniýetimiz we sungatymyz bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýeti bilen deň derejede sazlaşykda ösýär. Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň häzirki wagtda döwrebap ösdürilýänligi hakynda hem giňişleýin durup geçdiler. Olar öz söhbetlerini türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etmek bilen öz çykyşlaryny jemlediler.