Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 66-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda “Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede şanly Garaşsyzlygymyz, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýady, milli buýsanjy bolup döwletimiziň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň nyşanydygy hakynda belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.