logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ PAÝTAGTY GÖZEL AŞGABAT

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Bedew batly ösüşleriň paýtagty gözel Aşgabat” atly kitap sergisini gurady.
Bu günki gün halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahabatly saýasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna gadam basdy. Bu ýylda türkmen halky Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny baýram edýär. Gahryman Arkadagymyz “Ak şäherim Aşgabat” atly eserinde: “Ýurdumyzyň şäherleriniň her biriniň özboluşly gözelligi bar. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa, şolardaky gözellikleriň baryny özünde jemleýän şäher. Onda tebigatyň täsinlikleri hem-de adam eli bilen döredilen ajaýyplyklar özboluşly sazlaşyga girýär. Aşgabadyň keşbinde diňe bir tebigatyň dürli gözellikleri däl, eýsem, döwürler hem bir sazlaşyga girýärler. Gözel Aşgabadymyzda gurulýan desgalaryň taryhyň we medeniýetiň gymmatlyklaryny jemleýän milli äheňdäki eser bolmagy, baş maksadymyzy aňladýar. Aşgabadyň keşbi - watançylyk söýgüsiniň janly keşbi” diýip jaýdar belleýär.
Bu kitap sergisi her bir okyjyda uly täsir galdyrdy. Bedew batly ak şäherimiz Aşgabady günsaýyn buýsançly ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!