logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW BATLY, ŞAN-ŞÖHRATLY DIÝARYM!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň we kitaphananyň gurnamaklarynda «Bedew batly, şan-şöhratly Diýarym!» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiň we bilelikde jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alynyp barylýan beýik işler, Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasaty esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýändigi barada aýratyn durup geçdiler. döredilen.

Kitaphanada ýylymyza bagyşlap «Bedew batly Türkmenistan-dillerde dessan» atly guralan kitap sergisi bolsa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ajaýyp döwrümizde okamana, döredijilikli zähmet çekmäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsyn aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.