logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW BATLY, ŞAN-ŞÖHRATLY WATANYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda «Bedew batly, şan-şöhratly Watanym» ady bilen Wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrülip, eziz diýarmyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty bilen has-da şöhratlanýandygyny 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagynda uly many bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de döwrüň batly gadamlary bilen halkymyzyň milli-ruhy bitewüligi dünýäde giňden dabaralanýandygy barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda eziz Watanmyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.