logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN BERKARAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 130-njy orta mekdepde «Bedew batly Türkmenistan berkarar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýändigi, ýurdumyzyň ösüşüni gazanýan Türkmeniň ahalteke bedewleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monoko Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, şahadatnamalaryň gowşurylmagy bütin türkmen halkyny begendirendigi, buýsandyrandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren “Gadamy batly bedew” atly ajaýyp eserinden birnäçe maglumatlar okap berdiler we kitapda ýerleşdirilen foto suratlar bilen tanyşdylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi,behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.