logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bedew batly Watanymyz - dünýä içre şan-şöhratly

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew batly Watanymyz - dünýä içre şan-şöhratly» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi dabaraly açyldy.
Sergide Berdisähet Gurbansähedowyň «Bedew», «Çölde», Gülkamar Hojaýewanyň «Wepaly dost», Dürbike Ahmedowanyň «Jahanda», Arzuw Rozyýewanyň «At-myrat», Hemra Nazarowyň «Maksada tarap», Güljemal Nuryýewanyň «Garlawaç», Orazjemal Bäşimowanyň «Asuda asmanyň astynda», Suraý Myradowanyň «Bedew», Aýşat Gulowanyň «Ak han», Enebaý Baýramowanyň «Ak bedew», Pälwan Tirkişowyň «Bedew» atly eserleri bellenmäge mynasypdyr.
Ady rowaýata öwrülen «Asman atlary» türkmen şekillendiriş sungatynda belentden çeper beýan edilýär. Ahalteke bedewleri çeýeligi, gözelligi, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Türkmen ýigitleri at üstündäki çylşyrymly oýunlary ezberlik bilen başarýarlar. Türkmen halkynyň taryhy ahalteke bedewleri bilen berk baglanyşyklydyr. Behişdi bedewlerimiziň keşbi ussat suratkeşler tarapyndan kendire müň bir öwüşgünli reňkleriň üsti bilen geçirilýär we ylahy güýç berýän pikirler bilen baýlaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda halkymyzyň baý medeni mirasy, onuň atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlarymyz barada ajaýyp maglumatlar berilýär. Atçylygyň milli däpleri bilen baglanyşykly taryhy we edebi maglumatlar nakyllarda, halk pähimlerinde öz beýanyny tapýar.
Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz wepaly dosty bolupdyr. Munuň şeýledigine «Aty baryň – ganaty bar», «Ýyndam atyň bahasy bolmaz» ýaly halk nakyllary aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan bu sergi 10 gün dowam eder.