Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz halkyň ruhy aýnasydyr, millilige öwrülen buýsanjydyr. Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Bedew batly zamanamyzyň milli mirasy” atly gurnalan wagtlaýyn sergi barada muzeý hünärmeniniň gatnaşmagynda “Miras” teleýaýlymynda söhbetdeşlik ýazgysy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda sergide goýulan milli gymmatlyklarymyzyň aňladýan many-mazmuny, zenan ellerinden dörän haly we haly önümleri, kilim-palaslar, milli lybaslarymyzyň özboluşly aýratynlyklary, keşdedir-nagyşlaryň taryhy gelip çykyşy we gaýtalanmaýan owadanlyga eýe bolan şaý-seplerimiz barada gyzykly gürrüňler edildi. Sergidäki görkezilýän milli gymmatlyklarymyz özüniň köp öwüşgünligi, biziň günlerimizde gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilişi, ýaş nesillerimize öwredilişi, durmuşda zenan sarpasy, maşgala mukaddesligi we hüwdüleriň çaga terbiýesindäki ähmiýetleri barada durulyp geçildi.
Şeýle-de türkmen zenanlarynyň milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüş-özgerişlerine, ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, milli mirasymyzyň dürli görnüşlerini döretmekde başarjaňlyk bilen goşýan goşantlary, olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, ýaş nesli arassa ahlakly, milli ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemekde tutýan ornynyň ulydygy bellenilip geçildi. Söhbetdeşligiň barşynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde, gorap saklamakda we milli ruhynda terbiýelemekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy. Goý, ýurdumyzda alnyp barylýan belent özgerişleriň we ösüşleriň her bir güni bagtyýar zamanamyzda bedew batly ösüşlere beslensin!
Ogulgerek Agajanowa
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri