logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bedew batly zamananyň bagtyýar uçurumlary

Dünýäň belent münberinde mynasyp orna eýe bolan ata watanymyz Türkmenistan, röwşen ykbala ýugrulan gadamlary bilen, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Bedew batly, ösüşleri şöhratly ajaýyp zamanamyzda ýurdymyzyň daýanjy bolan bagtyýar ýaşlaryň, nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn ruhy taýdan kämil giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin eziz watanymyzda ähli mümkinçilikler şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ,,Ýaşlar watanyň daýanjy”atly kitabynda belleýşi ýaly ,,Biz ýaşlara eziz watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdymyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen dürdäne setirleri ýaşlary nurana gelejege ruhlandyrýar. Toýlara beslenýän zamanamyzda milli senenamamyzda mynasyp orun alan her ýyl ýurdumyzda uludan bellenilýän mekdebi tamamlaýan uçurumlaryň soňky jaň dabarasy ýurdymyzda paýtagtymyzyň döredilmeginiň güni bilen bilelikde goşa baýram goşa toý bolup bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy belleniljek bu ýylymyzda ýurdumyzyň ýüregine deňelýän mermer paýtagtymyzyň döredilmegine 145 ýyl dolýar. Hut şu goşa baýram mynasybetli diýarymyzyň ähli künjegi bilen bilelikde Lebap welaýaty hem baýramçylyk lybasyna beslendi. Şu gün mekdebi tamamlaýan uçurumlaryň soňky jaň dabarasy mynasybetli welaýatymyzyň orta mekdepleriniň uçurumlarynyň birnäçesi Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Olar muzeýde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary, ülkämiziň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, gadymyýetiň syrlaryny özünde jemläp oturan gadymy galalardyr, ýadygärlikler barada ýakyndan tanyşdylar. Mahlasy baýramçylyk gününde muzeýe gurnalan gezelenç bagtyýar uçurumlara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyşlady. Diýseň täsirli, ýatda galyjy pursatlara beslenen gezelenjiň dowamynda olar eşretli zamanada döwrebap bilim, terbiýe almaga ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Gülälek Batyrowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.