Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Lebap welaýat bölüminiň, şeýle-de Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda muzeýde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Bu söhbetdeşlik çäresinde bagtyýar zamanamyzda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat sarpa, olaryň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekmekleri barada döredilýän mümkinçilikler dogrusynda hem-de şu günler gyzgalaňly dowam edýän ýüpek gurçugyny idetmek, ýurdumyzyň oba hojalygynda ýüpekçilik pudagynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylýandygy, bu pudagyň ösdürilmegine onuň halkymyzyň medeni mirasynyň ajaýyp däpleriniň biri bolýanlygyndan ugur alnyp, ýüpekçilik dokma senagatyny belent sepgitlere çykarmaga ýardam edýändigi dogrusyndaky söhbetlere giň gerim berildi. Ýüpek keteniden tikilen egin-eşikler türkmen zenanlarynyň gadymdan gelýän milli lybaslarydyr. Örän owadan, köp öwüşginli, nepis, ýüpekden dokalan ajaýyp türkmen halylary gadymdan bäri Günbatary we Gündogary ygtybarly söwda ugurlary bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça kerwenlerde onlarça ýurtlara iberilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň ganatly galamyndan dörän “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýurdumyzyň ýüpekçiliginiň taryhy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň ýüpek almak usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr. Tut önümçiligi ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin köpeltmäge mümkinçilik beripdir. Diýarymyzda öndürilýän piläniň möçberleriniň artdyrylmagy, gaýtadan işleýän kärhanalaryň gymmatly çig mal bilen doly üpjün edilmegi, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça geçirilýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolup, olar doly döwrebaplaşdyryldy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümler — çig ýüpek, inçe ýüpek ýüplük, matalaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Bu önümler iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Ýüpek süýüminden başga-da, ajaýyp ýüpek halylar, keteni matalarydyr gyňaçlar dürli hili döwrebap öýme ýaglyklar öndürilýär. Bu önümler diňe bir öz ýurdymyzda däl, eýsem, daşary ýurtly sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar. Ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän, halkymyzy ganatly bedewleriň ýyndamlygy kimin ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy belleniljek “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň her bir güni bedew batly ösüşlere beslensin!
Gülälek BATYROWA,
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri