logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEDEW BATLY ZAMANANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Bu gün türkmen gelin-gyzlary watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk ýaly milli häsiýetleri nusga edinip, halkymyzyň abraýyny, mertebesini dünýäde has-da belende göterýärler.

Eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň barha belende galýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewiligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belentdir. Ajaýyp döwrümizde zenan mertebesine uly hormat goýulýandygynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde Halkara zenanlar güni 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň, medeniýet we bilim ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, sergileri, bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklary guralýar.

Gözel tebigatyň ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýat häkimliginiň hem-de muzeýiň bilelikde gurnamagynda bagtyýar zenanlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Bu söhbetdeşlik çäresinde eziz watanymyzda zenan sarpasy, maşgalada ene mukaddesligi, edep-terbiýe, hüwdileriň çaga terbiýesindäki ähmiýeti, zenanlarymyz tarapyndan sungat derejesine ýeten milliliklerimiz dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Olar özleriniň buýsançly söhbetlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa, olaryň ýaşaýyş durmuşynyň gowulandyrylmagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän mümkinçilikler dogrusynda edilen söhbetler çykyşlarynyň içinden erş-argaç bolup geçdi.

Ýurdumyzda biz zenanlary eziz diýarymyzyň buýsanjyna deňäp, döwrebap zähmet çekmegimiz, işlemegimiz, döretmegimiz, milli mirasymyzyň müň dürli öwüşgünlerini wagyz etmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçly menzillerde rowaçlyklara beslensin!.

Gülälek BATYROWA
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri