logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW-BEÝIK EÝÝAMYŇ, TÄZE ZAMANANYŇ YLHAMY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä 2026-njy ýyla hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew-batly at-myradyň mekany” diýlip şygary we ýylyň nyşany kabul edildi.

Ata-babalarymyz öz ýadawsyz zähmeti, yhlasy bilen kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy edebi eserlerimizde hem öz beýanyny tapypdyr. Bu bolsa merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Bedew atlarymyz gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr.

Millilik-milletiň mertebesi. Milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Nesilbaşymyz Oguz han ömrüni paýawlap, demini sanap ýatyrka ogullaryny ýanyna çagyryp: “Ogullarym! Bu meniň size iň soňky wesýetim: nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň! Birinjisi-Watany, ikinjisi-ata-enäni, üçünjisi bolsa-aty” diýipdir. Şeýle-de Seýdi şahyra: “Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň” diýdirip bilen türkmen bedewlerini taryplamaga söz ýetmez. Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýtsak, taryh nireden başlanýan bolsa, şol ýerde, şol döwürde bedewli geçilen menziller onuň esasynda ýatandyr.

“At-myrat” diýip ony döwletlilige deňän batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan türkmen halkymyzyň maksatlary myrat bolsun. Şeýle tutumly işleriň sakasynda duran, biz ýaşlara öwrenmäge, döretmäne, zähmet çekmäge ähli mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.


Jeren Altyýewa

«Watan mukaddesligi» muzeýiniň Muzeý işini guramak bölüminiň Baş gazna saklaýjysy