logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW — ŞAN-ŞÖHRATYŇ, GARAŞSYZ WATAN!

Döwür uçdy, döwran uçdy, biz uçduk,
Ykballaň ýagtylan ýalkymna duşduk.
Bitaraplyk bilen dünýäni guçduk,
Bedew — şan-şöhratyň,
Garaşsyz Watan!

Gez şygary ýyllaryňa çaglaýyp,
Ak ýollarda ýüzseň ganat baglaýyp.
Men otursam guwanjymdan aglaýyp,
Bedew — şan-şöhratyň,
Garaşsyz Watan!

Watanyň gül görki hem durky başga,
Diýýärin özüme: Sözi taraşla!
Dogmundan don geýen Zürýatlar başda,
Bedew — şan-şöhratyň,
Garaşsyz Watan!

Mertler bilen döredýänsiň,gurýansyň,
Eneleriň dileginde birýansyň.
At deý ýyndamlykda öňe barýansyň,
Bedew — şan-şöhratyň,
Garaşsyz Watan!

Guwanmakda, buýsanmakda ganatdyr,
Erteki hem şu zeýilli halatdyr.
Döwletli döwranyň goýny rahatdyr,
Bedew — şan-şöhratyň,
Garaşsyz Watan!

Günleriňde, ýyllaryňda täzelik,
Durşuny binalaň ünüse gelip.
Ykbalmyz ýalkandyr Danasyn berip,
Bedew — şan-şöhratyň,
Garaşsyz Watan!

Baryny bar eýläp bilýän beýikdir,
Gül Diýarym toý donuny geýipdir.
Eşret eýýam ykballara gelipdir,
Bedew — şan-şöhratyň,
Garaşsyz Watan!

Seni beren Gudrata tagzymym,
Arkadagyň pendi ömre taglymym.
Arkadagly Serdar — düri tarypyň,
Bedew — şan-şöhratyň,
Garaşsyz Watan!

Ýylymyza ýalkym saçar şygaryň,
Bady bilen dal bedewleň — Byragyň.
Türkmenistan, ömür bize öz baryň,
Bedew — şan-şöhratyň,
Garaşsyz Watan!

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany