logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bedew şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bedew şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
şGürrüňdeşlikde çykyş edenler her bir halkyň milli gymmatlygyna öwrülen milli mirasy bolup, türkmen halkynda ata-babalardan gelýän ajaýyp jümle bar “At agynan ýerde toý bolar” diýip ahalteke, behişdi bedewleriniň toý-baýramlarda ähli döwürlerde-de ýaraşyk berip gelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyz behişdi bedewlere egsilmez söýgüni mydama kalbynyň töründe saklap, at döwletliligiň, abadançylygyň nyşany hasaplanylýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmeniň behişdi bedewleriniň abraý-mertebesini belende götermekde, atçylyk toplumyny ösdürmekde nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.