Taryhyň uzak ýyllarynyň dowamynda her bir halk özüne mahsus milli gymmatlyklaryny döredip, asyrlar boýy sünnäläp, ajaýyp sungat derejesine ýetiripdir. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň umumyadamzat gymmatlyklarynyň biri-de owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleridir. Türkmeniň köňül buýsanjy, gardaşy hasaplanýan behişdi bedewleriň aslyna ser salsaň, onuň aňyrsynda asman giňişligi ýaly giň we düýpsiz umman ýaly çuň taryhyň ýatandygyny, merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagynda türkmen bedewleriniň ornunyň uludygyny duýmak bolýar. Dünýä derejesinde belent ada mynasyp bolan ahalteke bedewlerimiz özleriniň ýyndam-ýüwrükligi, ýörişlere çydamlylygy bilen türkmeniň adyny belende göterip birnäçe ýaryşlara, atlaryň gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Geçmişde halkymyz öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Her bir türkmen hojalygynda bedew atyň bolmagy, bedew münüp, çarpaýa galmagy türkmeniň gerçeklik edebiniň dessurydyr. Bu dessur türkmen maşgalasynda atadan ogla, agadan inä miras bolup geçipdir.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bedew batly, ösüş-özgerişler bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyz toý-baýramlara beslenýär.
Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny jahana ýaýýar. Türkmen bedewiniň baýramy gözelligiň, sazlaşygyň we gaýtalanmajak okgunlylygyň baýramy bolup ýüreklere siňýär. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan dabaralanmagy ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew sarpasy belentde» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan Türkmenistanyň halk suratkeşleri tarapyndan döredilen bedew atlary beýan edýän surat eserleri görkezilýär. Ata-babalarymyzyň at üstüni şa tagtyndan eý görüpdirler, bedewini hormatlap,ony altyn-kümüş bilen, haly önümleri bilen bezäpdirler. Bu ýerde ahalteke bedewiniň gadymy at esbaplary, bezeg şaýlary bilen birkemsiz bezelen keşbi aýratyn ünsüňi çekýär. Şeýle hem ahalteke bedewiniň gadymy at esbaplary bolan eýer, üzeňňi, gamçylar, uýan toplumy, serkeç we nal, bezeg şaýlaryndan göwüsbent, gözlük, maňlaýlyk, boýunlyk, doga bagy hem sergide öz beýanyny tapýar. Halydan dokalan we seçekler bilen bezelen at ýapynjalary, at köýnekçesi, at içirgisi, eýerlik, at torbalary, horjunlary, keçe önümlerinden derlik, at keçeleriniň görkezilmegi sergini has-da baýlaşdyrýar. Bu ýerde ussat zergärlerimiziň döreden türkmeniň ahalteke bedewlerini wasp etýän, döwrüň bedew bady bilen ösüşlere barýandygyny alamatlandyrýan birnäçe zergärçilik eserlerini hem görmek bolýar. Serginiň dowamynda, türkmen bedewiniň keşbi halyçynyň çitimlerinde, nakgaşyň owadan reňklerinde, heýkeltaraşyň nepis sungatynda aýdyň beýanyny tapýar. Serginiň açylyş dabarasynda ýurdymyzyň at gazanan sungat işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary çykyş etdiler.