«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýurdumyzyň teatrlary we sirkleri döredijilik toý sowgatlary bilen geldiler. Bu baýramçylyk mynasybetli şanly ýylymyzyň 24-25-26-njy aprelinde ýurdumyzyň teatrlarynda täze sahnalaşdyrylan spektakllaryň ilkinji görkezilişiniň üç günlügi geçiriler. Sahna oýunlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýynyň dünýä doluşy, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ýyndam ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgeleri, milli seýisçilik sungatynyň şöhratly ýollary mynasyp wasp edilýär. Sahna oýunlarynyň mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde beýan edilýän maglumatlar hem-de gyzykly rowaýatlar giňden şöhlelendirilýär. Eserleriň aglabasynda türkmen topragynyň milli buýsanjy we şöhraty bolan ahalteke bedewi bilen baglanyşykly bolan rowaýatlar, bedew bilen sazlaşykly ömür sürýän adamlaryň durmuşy wasp edilýär. Şeýle hem, teatr artistleriniň çykyşlarynyň özenini umumadamzat gymmatlygy hökmünde, gadymy döwürlerde türkmen topragynda bolan daşary ýurtly syýahatçylarda ahalteke bedewleriniň galdyran täsirleri, milli atçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini açyp görkezýän gyzykly sahnalar düzýär.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademik drama teatrynda ýaş režissýor M.Jumabaýewiň, Türkmenistanyň halk artisti G.Akmyradowa bilen bilelikde režissýorlyk etmeginde, B.Annanowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak at» atly sahna oýnunda milli seýisçilik sungatyna ömrüni baglan seýsiň tutanýerli zähmeti dabaralanýar. Sahnada gözelligi, ýyndamlygy bilen görenleri haýran galdyrmak derejesine ýetýänçä, bedewe köp we tutanýerli zähmetiň, bilimiň, söýginiň, zehiniň siňdirilýändigi beýan edilýär. Sahna oýnunda halkymyzyň iň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty, enäniň perzendine bolan söýgüsi, halklaryň arasyndaky dostluk, daşary ýurtlularyň türkmen bedewine bolan hormaty wasp edilýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry şanly baýramçylyk günleri aýdym-sazly, degişmeli, sahna eserini tomaşaçylara hödürlär. Teatrda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg G.Daňatarowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Atdyr ýigidiň myrady» atly sahna oýnunda dürli wakalaryň üsti bilen Görogly begiň, onuň kyrk ýigidiniň Diýarymyza, eziz halkymyza söýgüsi, gamyşgulak bedewlerimiziň ajaýyp häsiýetleri ýigitleriň şahandazlygy bilen utgaşýan wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Görogly beg Gyrat bilen Watan goragynda dürli külpetleri başdan geçirip, ençe-ençe synaglardan geçip, wysala gowuşýar. Dürli görnüşli gyzykly wakalara, aýdym-sazlara baý bolan bu sahna oýnunda Görogly begiň Gyrata bolan adatdan daşary söýgisi, milli mirasymyzyň täsin gudraty, jemgyýetimiziň nurana keşbi açylyp görkezilýär. Täze sahnalaşdyrylan sazly-drama oýnunda halk gahrymany, bagşy hem sazanda Göroglynyň söwer dosty Gyraty gaýtaryp getirmegi mynasybetli Çandybil ilinde uly toýuň tutulmagy bilen tamamlanýar.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry režissýor H.Berdiýewiň, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg N.Rejebowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Gyrat» atly sahna oýny bilen tomaşaçylary begendirer. Spektaklda Görogly şadessanynyň «Gyrat» şahasy esasynda sahnalaşdyrylan gyzykly, dartgynly wakalar beýan edilýär. Waka şadessandaky ýaly, Baly begiň köşgünden başlanýar. Baly beg Görogly soltanyň Gyratyny gola salmak üçin jadygöý kempiri Çardagly Çandybile ugradýar. Teatryň tutuş döredijilik toparynyň işjeň gatnaşýan bu köpçülikleýin spektaklynda boýdan-başa dartgynly hem gülküli wakalar janlanýar. Üstesine-de, oýunda baýdan-başa watançylyk, gahrymançylyk, millilik dabaralanýar. Wakalar merdana pederlerimiziň söweşjeň ruhuna çuňňur düşünmäge ýardam edýär. Sahna oýnunda halypa hem ýaş artistler dürli gahrymanlaryň keşplerini sahna çykaryp tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýarlar. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry ýaş režissýor B.Garajaýewiň döwürdeş dramaturgymyz W.Dawydowyň eseri esasynda sahnalaşdyran «Ýelden ýyndam» atly sahna oýny bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar. Sahnada sada oba adamlarynyň durmuşy bilen baglylykda türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty beýan edilýär. Bu sahna oýnunda çykyş edýän teatryň artistleriniň hersiniň biri-birine meňzemeýän häsiýetleri bar. Teatryň sahnasynda Kuwwatly atly bedewiň mysaly keşbi orta çykarylýar. Köpöwüşginliligi bilen tapawutlanan bu spektaklda bedewler hakyky gahrymanlar, ynsanyň bedewe söýgüsiniň belentligi, iň ajaýyp hem-de asylly ýörelgeleriň nyşany hökmünde suratlandyrylýar.
Türkmen döwlet gurjak teatrynda M.Altaýewiň pýesasy esasynda ýaş režissýor B.Gurbanow tarapyndan sahnalaşdyrylan «Asmandan inen ykbal» atly sahna oýnunda ahalteke bedewleri, ýaşlaryň päkize söýgüsi bilen bagly gyzykly wakalar beýan edilýär. Bu sahna eseri Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseri esasynda ýazylandyr. Ahalteke bedewi owal-ahyr halk döredijilik, çeper edebiýat, şekillendiriş sungaty we saz eserleriniň baş gahrymany. Bedewler hal ruhunyň jygasy. Ol köpmüňýyllyk taryhly halkymyzyň ykbalynda dünýägaraýşynda, aň-düşünjesinde hemişe bar. Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseriniň bir bölümi «Asmandan inen ykbal» diýlip atlandyrylýar. Onda meşhur seýis Aba Annaýewiň durmuşynyň mysalynda türkmen atşynaslygynyň däpleri beýan edilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary haýran galdyryjy çykyşlary bilen bütin dünýäde şöhrat gazandy. Toparyň agzalarynyň durmuşyndan tolgundyryjy wakalar türkmenleriň öz behişdi bedewlerine beýik söýgi bilen garaýandygyny görkezýär. Türkmen bedewine bagyşlanan şu sahna eseriniň baş gahrymany Jennediň enesinden galan ýetim taýçanagyň ösüp-ulalyp kemala gelmegi ugrunda kän alada edişi, soňra bu behişti bedewiň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna goşulyp uly ýeňişleri gazanyşy janlandyrylýar.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Ş.Salyhowyň eseri esasynda ýaş režissýor M.Handurdyýew tarapyndan sahnalaşdyrylan «At sarpasy» atly sahna oýny Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eseri esasynda goýuldy. Sahna oýnunyň esasy ýordumy bedewdir. Bedew, Watan, ene toprak, döwlet, milletiň mertebesi ýaly mukaddeslikleri özünde jemleýän bu sahna eseriniň baş gahrymanlary belli taryhy şahslar – Soltan Söýün bilen onuň wepaly ýary Gülpamyň, soltanyň söwer dosty Myralynyň arasyndaky bolup geçýän wakalar sahnada gyzykly janlandyrylýar.
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaş dramaturg A.Rejebowyň eseri esasynda režissýor S.Ataýew tarapyndan sahnalaşdyrylan «Argamaklar» atly sahna oýnunda Ahal sebitlerinde Keýmir serdar hem Arkajyň meşhur aty Meleguş barada bolup geçýän wakalaryň kem-kemden ösüp gidişi janlandyrylýar. Spektaklda çykyş edýän aktýorlaryň ynandyryjy hereketleri tomaşaçylary taryhy wakalaryň jümmüşine dolap alýar. Sahna oýnunda dürli taryhy döwrüň wakalary janlandyrylyp, olarda bu mukaddes toprakda ýaşan, döreden şahsyýetleriň döredijilik ykballary we olaryň manyly ömür ýoly barada söhbet açylýar. Şeýle hem, bu sahna oýnunda türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty, batyr Keýmir serdaryň Meleguş atly bedewiniň waspy ýetirilýär.
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda G.Kakabaýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Bedew rowaýaty» atly sahna oýnunda türkmen bedewiniň wepadarlygy dartgynly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Küştdepdiniň gaýtalanmajak öwüşginleri siňdirilen spektaklda öz gursagynda behişdi bedewleri ýetişdiren türkmen topragy, ahalteke bedewleriniň nepisligi we owadanlygy çeper wasp edilýär. Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda M.Çarymuhammedowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Seýis» atly sahna oýnunda halypa atşynasyň watanperwerlige ýugrulan belent duýgulary sahnada janlanýar. Eseriň täsirli wakalary tomaşaçylarda ruhubelentlik döredýär. Meşhur seýsiň bedewlere bolan söýgüsi hem-de onuň hyzmaty barada ýazylan bu eseriň sahnalaşdyrylmagynyň esasy maksady, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi geçmiş-taryhymyzda gujur-gaýraty, pähim-parasaty bilen öçmejek yz galdyran taryhy şahsyýetlerimiziň nurana keşpleri, bitiren bimöçber işleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Sahnada ahalteke bedewleriniň arassalygyny saklamakda, täze nesil uruglaryny döretmekde nesillere nusgalyk işleri bitiren belli atşynasyň ajaýyp gahrymançylyklary baradaky wakalar gyzykly janlandyrylýar.
Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda G.Jumaýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «At - myrat» atly sahna oýnunda, türkmen bedewiniň merdana keşbi arkaly ata Watana, ene topragyňa bolan päk söýgi beýan edilýär. Drama eseri Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserinde beýan edilýän wakalara we gymmatly maglumatlara esaslanýar. Aýdyň, ýatda galyjy sahna oýny özboluşly milli däp-dessurlar, urp-adatlar bilen sazlaşykly utgaşýar.
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda K.Zamanowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «At göçümi» atly sahna oýny ynsanyň bedewe bolan beýik söýgüsi, kämil belent ahlak sypatlary, mähribanlygy we bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary hakynda söhbet açmak bilen, özünde ägirt uly ruhy galkynyşy jemleýär. Türkmen bedewiniň milli baýramyna ajaýyp sowgat hökmünde taýýarlanan bu sahna oýnunyň içinden şahyranalyk, şatlyk, ruhubelentlik, söýgi, ynam eriş-argaç bolup geçýär.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň döwlet sirkiniň hem-de Arkadag şäher döwlet atçylyk sirkiniň döredijilik toparlary hem özleriniň täsin çykyşlaryny taýýarladylar. Sirk çykyşlarynda hem ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda türkmeniň myrady, uçar ganaty bolan ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilýär. Şeýle hem, milletiň ruhy gaýduwsyzlygy çeper beýanyny tapýar. Bu baýramçylyk mynasybetli şöhratly bedewlerimize bagyşlanan spektakllar, at üstündäki milli oýunlar bagtyýar watandaşlarymyzyň toý şatlygyny goşalandyrar.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy