logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Bedew waspy sungatda

Bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Ösüşi-özgerişi, medeniýeti we sungaty bilen at-owazy dünýä dolan halkymyz milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasyny belentde tutýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň döwlet derejesinde şatlyk-şowhuna beslenip bellenilmegi hem-de ony Döwlet tugramyzda ýerleşdirilmegi bedewlere uly hormat goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr. 2023-nji ýylda türkmeniň ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýyny ýene bir ýola belende göterdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halkynyň behişdi bedewlere bolan çuňňur söýgüsi halk döredijiliginde we ýazuwly edebiýatda giňden orun alypdyr» diýip belleýşi ýaly, milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolan behişdi bedewlerimize uly hormat goýulýandygyny görmek bolýar.
Güneşli ülkämizde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyz ýylyň ady bilen baglanyşykly utgaşyp gelen bedew baýramyny has-da joşgunly, giňden belleýär. Gamyşgulak atlarymyzyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem «Bedew waspy sungatda» atly sergi açyldy. Bu sergide görkezilen gymmatlyklar behişdi bedewlerimiziň sungatyň dili bilen waspyny ýetirdi.
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle-de bagtyýar türkmen halkymyzy bedew baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde baýdagymyz belentde parlap, bedew atlarymyz toý-baýramlary bezesin!