Ýurdumyzda uludan bellenilýän Türkmen Bedewiniň baýramy diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gadymy Lebap topragynyň ähli künjeklerini toý lybasyna besledi. Uludan bellenilýän Türkmen Bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çäreler giň gerimli many-mazmuna eýedir. Şeýle çäreleriň biri Türkmen Bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher komitetleriniň bilelikde gurnamagynda «Behişdi bedewim-milli gymmatlygym» atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy we maslahaty geçirildi.
Geçirilen dabaraly çärä we maslahata muzeýiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hünärmenleri hem-de işjeň agzalary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklardan gurnalan wagtlaýyn sergide bedew atlarymyza dakylýan owadan kümüş şaý-sepler, at esbaplary, Lebap welaýat Ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň çeken nakgaş we heýkel eserleri ýaýbaňlandyryldy.