Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy Görogly adyndaky Arkadag şäher Döwlet atçylyk sirkinde “Behişdi bedewler – türkmen halkynyň milli mirasy we buýsanjy” atly göçme kitap sergisini gurnadylar.
Sergide Ber¬ka¬rar döw¬le¬tiň tä¬ze eý¬ýa¬my¬nyň Gal¬ky¬ny¬şy döw-rün¬de ga¬nat¬ly ahal¬te¬ke at¬la¬ry¬myz bi¬len bü¬tin dün¬ýä¬niň at¬şy¬nas-la¬ry¬na, be¬dew atyň muş¬dak¬la¬ry¬na ta¬nyş¬ma¬ga müm¬kin¬çi¬lik dö¬re-dil¬di. Bu günki gün bolsa taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzda behişdi bedewlerimiziň waspy has-da belentde ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehinden dörän “Atda wepada bar sapada”, “Ganatly bedewler” ýaly çuň manyly eserlerinde ganatly bedewlerimiziň waspy tymsallaryň, rowaýatlaryň üsti bilen giň okyjylara ýetirilýär. Ahalteke bedewlerimiziň waspyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja¬nlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.