Taryhyň uzak ýyllarynyň dowamynda her bir halk özüne mahsus milli gymmatlyklaryny döredip, asyrlar boýy sünnäläp, ajaýyp sungat derejesine ýetiripdir. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri-de owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleridir. Türkmeniň köňül buýsanjy, gardaşy hasaplanýan behişdi bedewleriň aslyna ser salsaň, onuň aňyrsynda asman giňişligi ýaly giň we düýpsiz umman ýaly çuň taryhyň ýatandygyny, merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagynda, türkmen bedewleriniň ornunyň uludygyny duýmak bolýar. Dünýä derejesinde belent ada mynasyp bolan ahalteke bedewlerimiz ýyndam-ýüwrükligi, ýörişlere çydamlylygy bilen türkmeniň adyny belende göterip birnäçe ýaryşlara, atlaryň gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Geçmişde halkymyz öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Her bir türkmen hojalygynda bedew atyň bolmagy, bedew münüp, çarpaýa galmagy türkmeniň gerçeklik edebiniň dessurydyr. Bu dessur türkmen maşgalasynda atadan ogla, agadan inä miras bolup geçipdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda, bedew batly ösüşler bilen öňe barýan Watanymyz toý-baýramlara beslenýär.
Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny jahana ýaýýar. Türkmen bedewiniň baýramy gözelligiň, sazlaşygyň we gaýtalanmajak okgunlylygyň baýramy bolup ýüreklere siňýär. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan dabaralanmagy ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli "Behişdi bedewler – türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy" atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan bedew atlaryň milli bezeg şaýlary bilen bezelen fotosuratlary, tanymal suratkeşleriň ýerine ýetiren bedew atlary beýan edýän surat eserleri görkezilýär. Sergide arheologiýa tapyndylaryna degişli bolan bişen toýundan syrçalanyp ýasalan at heýkeljikleri hem görkezilýär. Ata-babalarymyz at üstüni şa tagtyndan eý görüpdirler, bedewini hormatlap, ony altyn-kümüş, haly önümleri bilen bezäpdirler. Serginiň görnükli ýerinde türkmen halkymyzyň milligini görkezýän “Ak öýüniň” içinde türkmen zenanlarynyň ussatlyk bilen dokan haly önümleri bolan dürli görnüşdäki torbalary, horjunlary, argaç çuwallary, ak öýüň bil ýüpleriniň görnüşlerini, at torbalaryny, erkek adamlaryň geýýän agarçäkmen, gyrmyzy donyny, halydan at basyryk, at ýapynjasyny, üsti eýerlikli atyň eýerlerini synlamak bolýar. Tärimiň iki gapdalynda gotazlar, şeýle hem, seçekler bilen bezelen at ýapynjanyň, haly eýerligiň, üstünde bezelip goýlan at şaýlary bolan boýunlygyň, göwüsbendiň, at gamçysynyň, uýan toplumynyň görnüşlerini görmek bolýar. Bu ýerde ussat zergärlermiziň döreden türkmeniň ahalteke bedewlerini wasp edýän, döwrüň bedew bady bilen ösüşlere barýandygyny alamatlandyrýan birnäçe zergärçilik eserlerini hem görmek bolýar. Serginiň dowamynda, türkmen bedewiniň keşbi halynyň çitimlerinde, nakgaşyň owadan reňklerinde, heýkeltaraşyň nepis sungatynda aýdyň beýanyny tapýar.