logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEHIŞDI BEDEWLER TÜRKMENIŇ ŞÖHRATY

BEHIŞDI BEDEWLER TÜRKMENIŇ ŞÖHRATY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Köpetdag etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda «Behişdi bedewler türkmeniň şöhraty» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň halkara derejesindäki at–abraýy täze belentlikler eýe bolýandygy, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň ençeme döwletiniň gatnaşmagynda Monako Knýazlygynyň Monte–Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwallaryna gatnaşyp, ol ýerde türkmen ýigitlerimiz at üstündäki milli oýunlarymyz bilen üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladyp, festiwalyň birnäçe baýraklara mynasyp bolandyklary barada söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.