logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEKU-nyň UMUMY IŞINI GURAMAK WE DOLANDYRMAK

BEKU-nyň UMUMY IŞINI GURAMAK WE DOLANDYRMAK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölüminde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen «BEKU-nyň umumy işini guramak we dolandyrmak» atly okuw-tejribe sapagyny Türkmenistanyň Ýaşlyk teleýaýlymy bilen ýazgy geçirdi.

Türkmenistanyň Ýaşlyk teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanan Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen «BEKU-nyň umumy işini guramak we dolandyrmak» atly okuw-tejribe sapagy geçirildi.

Kitaphanalaryň häzirki zaman ösen tehnologiýa enjamlaryny ornaşdyrmak we elektron kataloglaryndan Watanmyzyň hemme künjeklerinde peýdalanmak, okyjylary kitaphana çekmek, şertlerini gowulandyrmak usuly maslahatlar berildi we öwredildi. Okuw-tejribe sapaklaryň dowamynda talyp ýaşlary bilen sorag-jogap işi hem alynyp baryldy. Okuwyň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, kitaphana işini dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.