Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölüminde «BEKU-nyň umumy işini guramak we dolandyrmak» atly Usulyýet okuwy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi tarapyndan, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen «BEKU-nyň umumy işini guramak we dolandyrmak» atly Usulyýet okuwy geçirildi. Kitaphanalaryň häzirki zaman ösen tehnologiýa enjamlaryny ornaşdyrmak we elektron kataloglaryndan Watanmyzyň hemme künjeklerinde peýdalanmak, okyjylary kitaphana çekmek, şertlerini gowulandyrmak usuly maslahatlar berildi we öwredildi. Okuwyň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, kitaphana işini dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.