logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«BELENT DAGYŇ, BERDAŞLY ŞAHASY» ATLY ÝAZYJY NARYMAN JUMAÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 100 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP SÖHBETDEŞLIK SYN

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde bilim alýan ýaş nesilleriň arasynda «Belent dagyň, berdaşly şahasy» ady bilen ýazyjy, Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik syn geçirdi.

Kitaphana hünärmeni ussat ýazyjy Naryman Jumaýewiň ömri we döredijiligi hem-de onuň döreden eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýeti barada täsirli gürrüňler berdi. Ýazyjynyň döredijiliginde taryhy tema uly orun tutýar. Onuň taryhy temadan “Akmaýanyň ýoly” powestini, “Aýdogdy Tahyrow”, “Jeýtun”, “Welaýat” ýaly romanlaryny döretdi. Onuň “Ýuwaş gelin” powesti ýazyjynyň özüne-de tutuş türkmen edebiýatynada abraý getirdi. Powest dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. Bu eser esasynda döredilen kinofilm häli-häzire çenli ekrandan düşmän gelýär. Onuň “Ak derek”, “Akmaýanyň ýoly”, “Kyýas” ýaly powestleri hem köp okyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Aýratynda ýazyjynyň “Akmaýanyň ýoly” powesti wakalarynyň dartgynlylygy, özüne çekijiligi, gyzyklylygy sebäpli okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Bu eser ýurt möçberinde yglan edilen çeper eserleriň bäsleşiginde birinji baýraga mynasyp bolýar. Ine bular dogrusyndaky gürrüňleri hem ýaş nesiller uly höwes bilen diňlediler.

Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýazyjy-şahyrlarymyza hormat-sarpa goýmagyň beýik mekdebini dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.