logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BELENT MAKSATLAR

Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen «Türkmenistan-parahatlyk, ynanyşmak Watany» hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň äleme ýaň salan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy berkarar Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň, şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň kalbynyň kelamyna, dilleriniň senasyna öwrüldi. Şanly ýylda tutuş adamzada aklyk, älem-jahana asudalyk, parahatçylyk ündeýän türkmen bitaraplygynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri wasp etmek, bagtyýar raýatlarymyzda halkymyzyň gadymyýetden gelýän mukaddes ýörelgelerine söýgi döretmek maksady bilen bu bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda «Hormat hatlary» we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.