logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BELENT MAKSATLAR BILEN AÝDYŇ MENZILLER

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde söhbetdeşlik geçirdi. Bu ajaýyp ýylymyz hem parahatçylygyň we ynamyň ady bilen başlap, ösüşlere rowan bolýar. Asyrlar boýy parahatçylyk tugyny parladan türkmen halky bu gün özüniň ak arzuwlarynyň wysal bolandygyna buýsanyp ýaşaýar. Parahatlyk pajarlaýan Watanyň goýny jennet, ili bagtyýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, birek-birege ynanyşmagy berkitmekden, durnukly ösüş gazanmakdan ugur alýan hoşniýetli dialogy öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýen baş ýörelgesi häzirki wagtda öz möhüm ähmiýete eýedigi bilen bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halk bähbitli, dünýä ähmiýetli, dost-doganlygyň we özara ynanyşmagyň ýoluna esaslanýan beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.