Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Gurluşyk we Binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Mary welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda ” Türkmenistanyň kanunynda bellenilen wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri barada “Belent maksatlara ruhlandyrýan eserler” atly maslahaty geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň her biri türkmeniň ruhy dünýäsini özünde jemleýändigi, kitaplaryň many-mazmuny, çeper pelsepewi pikirleri türkmen halkynda uly gyzyklanma döredýändigi, şonuň üçin hem bu kitaplar amala aşyryljak ylmy açyşlaryň gözbaşy hasaplanýandygy barada belläp geçdiler.Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly kitaplary taryhymyza göz ýetirmegiň, düşünmegiň açarydyr, milli medeniýetimiziň, ylym-bilimiň baý hazynasydyr hem-de geljekki nesillerimize ýetirmekdäki, ýaşlary ýokary ahlak kämilliginde terbiýelemekdäki ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp eserleri peşgeş edip Türkmenistany ösüşler ýurduna öwüren Gahryman Arkadagymyza hem-de şol ösüşleriň täze belentliklerine ýetilmegi ugrunda tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.