logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BELENT ÖSÜŞLERE BESLENEN DIÝAR, ŞANLY GARAŞSYZLYK TOÝUNA BARÝAR

«Halkara–parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza şanly otuz ýyl dolýar.Agzybir we jebis türkmen halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna bagyşlanyp geçirilýän çäreler, maslahatlar, tegelek stoluň başyndaky syýasy söhbetdeşlikler toý şatlygyna buýsanç goşýar. Şeýle dabaraly çäreleriň biri-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap, Hojambaz etrap geňeşlikleriniň hem-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Belent ösüşlere beslenen diýar, şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar» atly tegelek stoluň başyndaky syýasy söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanany peşgeş beren, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sagbolsunlaryny beýan etdiler.

Gülüstan HUDAÝAROWA

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri