logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«BELENTDE PARLASYN, PARAHAT ÝURTDA ŞÖHRATLY TUGUM!» ATLY SERGI

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletimiziň agzybirliginiň, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň nyşany, halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir. Milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny hem-de ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, Döwlet baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň hormatyna gurlan ajaýyp binalar, beýik sütünde parlaýan Döwlet tugumyz watansöýüjileriň döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýär.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Belentde parlasyn, parahat ýurtda şöhratly Tugum!» atly sergi guraldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almammedowyň «Dag etegi», Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň «Meýdan gülleri», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk toýy», Walentin Kudrýaşowyň «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni», Jennet Aýdogdyýewanyň «Meniň Garaşsyz Watanym», Tamara Kiselýowanyň «Sambo boýunça Dünýä Çempiony Geldiýewa Jennet», «Döwlet senasy», ýaly birnäçe ajaýyp sungat eserleri hem-de ussat heýkeltaraşlar Annameret Taganowyň «Gül», Maral Ataýewanyň «Hereket», Gülara Babaýewanyň «Galkynyş» ýaly heýkel we keramika eserleri sergilendi. Serginiň mazmuny dürli-dürli bolup, nakgaş, heýkel, keramika eserleriniň ýeten kämil derejesiniň üsti bilen ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler görkezilýär. Baýramçylyk sergidäki eserlerde ýurdumyzyň gülläp ösüşleri, parahatçylygy, tebigy gözellikleri, milli tugumyz bilen özara sazlaşykly beýan edilýär hem-de parahat ýaşaýan halkymyzyň durmuşyndan bir pursady açyp görkezýär.