logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BERDINAZAR HUDAÝNAZAROWYŇ ÖMÜR ÝOLY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy «Berdinazar Hudaýnazarowyň ömür ýoly» ady bilen «Ylham» seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyň eserleri türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyryp, öz mynasyp ornuny tapýandygyny we onuň goşgularynyň hiç wagt öz gymmatyny ýitirmejekdigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de Berdinazar Hudaýnazarowyň eserlerinde halkymyzyň başdan geçiren kynçylyklaryny, gaýgy-hasratlaryny, şatlyklaryny birin-birin beýan edýändigini, ýazyjydan romanlaryň, powestleriň, makalalaryň, ýüzlerçe ajaýyp goşgy setirleriniň miras galandygy barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran ýazyjy-şahyrlarymyzy mertebeleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.