Lebap welaýat kitaphanasynda Hasyl toýuna bagyşlanyp “Hasyl toýy – berekediň we bolçulygyň baýramy” atly duşuşyk geçirildi. Ýurdumyzda uludan bellenilýän bu baýrama bagyşlanan duşuşyga, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň işjeň agzalary, oba hojalygynda köp ýyllardan bäri zähmet çekýän halypalar, daýhanlar, kärendeçiler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň: “Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr” diýen parasatly sözleri, biz daýhanlary has-da buýsandyrdy, galkyndyrdy-diýip, çykyş eden kärendeçi buýsanç bilen belledi.
Kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Bereket ummany - türkmen ýaýlasy” atly kitap hem-de ýurdumyzda bitýän dürli nygmatlaryň sergisi bolsa bu çärä ajaýyp öwüşgin çaýdy.