logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY

BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda merkezi we kitaphana şahamçalarynyň arasynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bereketli türkmen saçagy» ady bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgünde bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşigiň esasy maksady türkmen gelin-gyzlarynyň çeperligini, ezberligini, maksada okgunlylygyny, saçak bezemekde türkmeniň däp-dessurlarynyň ýerine ýetirilişinde öz ukyplaryny ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar. Bu bäsleşikde Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň garamagyndaky kitaphanalaryň hünärmenleri Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag, Büzmeýin etraplary boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşik 3 şertde ybarat bolup, 1-nji şerti toý saçagyny bezemek we waspyny ýetirmek; 2-nji şerti taýýar hamyrdan unaş ýaýyp kesmek; 3-nji şerti bolsa erkin çykyş. Bu bäsleşikde baş baýraga Bagtyýarlyk etraby, 1-nji orna Berkararlyk etraby, 2-nji orna Büzmeýin etraby, 3-nji orna Köpetdag etraby mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiş gazananlara Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.