logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«BEREKETLI TÜRKMEN TOPRAGY» HASYL TOÝY MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen hasyl toýy mynasybetli «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde kitaphananyň ýaşajyk okyjylaryň gatnaşmagynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Bereketli türkmen topragy» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Kitaphana hünärmeni ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygy barada Bereketli topragymyzda ýetişdirilýän bol hasylyň gadyr gymmaty barada gürrüňler berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly eserinden baý we köp dürli, lezzetli türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyş aýratynlygyny baradaky täsirli maglumatlar söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Hasyl toýy mynasybetli söhbetdeşlige gatnaşan halkymyzy ajaýyp, bolelin, bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.