logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BERKARAR DÖWLET SAGDYN JEMGYÝETIŇ BINÝADY

Balkan welaýat kitaphanasynda “Berkarar döwlet sagdyn jemgyýetiň binýady” atly duşuşyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş eden kitaphana hünärmenleri, saglygy goraýyş işgärleri ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramaga, beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil ýaş nesilleri kemala getirmäge biziň döwletimizde alnyp barylýan işler hakynda çykyş etdiler. Çärede ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde seredilip, ony üstünlikli amala aşyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýändigi, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň barha ilerlemegine getirýändigi, ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak bilen bagly asylly işler paýhasly pederlerimiziň ynsanperwer däplerinden gözbaş alýandygy barada saglygy goraýyş işgärleri giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Alym Arkadagymyzyň adam hakdaky, hususan-da ynsan saglygyny goramak ugrundaky uly zähmetiniň miwesi bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby saglyga peýdaly, jana tenekar dermanlyk ösümlikler baradaky ylmy garaýyşlary barada kitaphana işgäri täsirli çykyş etdiler. Döwür-döwranyň dolanmagy, ata Watanymyzyň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, ilatyň saglygy baradaky çykyşlar myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.