logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Berkarar döwletimizde behişdi bedewlere goýulýan sarpa

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Berkarar döwletimizde behişdi bedewlere goýulýan sarpa» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toý-baýrama beslenýändigi, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde, eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň guralmagy atyň türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde örän uly ornunyň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini has-da artdyrandygy barada buýsanç bilen beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýmakda döredip berýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.