logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi Gökderedäki “Çeşme” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş eden hünärmenler Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar ykbalyna ösüşleriniň we halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň esasy hökmünde garalyp, çagalara bilim berilişiniň hilini kämilleşdirmek, olary bilime höweslendirmek boýunça ýurdumyzda ýerine ýetirilýän işler dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň durmuşymyzy şatlyk-şagalaňa besleýän bagtyýar neslimiziň beýik geljeginiň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleri bilen bilelikde Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleriniň ylymly-bilimli, bagtyýar edip ýetişdirmek maksady bilen olaryň ylymlar ummanyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagy esasy üns merkezine öwrüldi diýip buýsanç bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda dynç alyşdaky çagalar bilen sorag-jogap alşyldy we beren gyzykly sowallaryna peýdaly jogaplar aldylar.

Çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşan hünärmenler hem-de çagalar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.