logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE DIÝARYMYZYŇ KITAPHANALARYNYŇ IŞINIŇ MÖHÜM WEZIPELERI

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň kitaphanalarynyň işiniň möhüm wezipeleri» atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi.

Bu okuw-usulyýet maslahatynda çykyş edenler elektron kitaphanalarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmagyň we olary döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary,eserleri sanly ulgamyň üsti bilen wagyz etmegiň usullary,Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini wagyz etmegiň döwrebap usullary dogrusynda,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary,kitaphanalarda döwrebap hyzmat etmek we hyzmatyň görnüşlerini kämilleşdirmegiň ýollary barada söhbet etdiler.

Bu okuw-usulyýet maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.