logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE KITAPHANA IŞI ROWAÇ ALÝAR

BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE KITAPHANA IŞI ROWAÇ ALÝAR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana işi rowaç alýar» atly maslahat geçirildi.

Bu maslahata ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýazyjy-şahyrlar we medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda cykyş edenler golaýda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» barada şeýle hem ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň öňünde durýan borçlar we wezipeler barada giňişleýin söhbet etdiler.

Öz bilişimiz ýaly,türkmen halkymyz gadymdan bäri kitaby çörek ýaly mukaddes saýar. Biz muny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdyr» diýen dürdäne sözlerinden hem bilýäris.Türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan gymmatly kitaplarynda hem kitap,kitabyň gymmaty, okamaklyk hakynda şeýle ajaýyp pähim-paýhasa eýlenen sözleri bar.

Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiziň täze Döwlet Maksatnamasyndan gelip çykýan netijeler, ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, okyjylara döwrebap hyzmat etmek, kitaphana işine innowasion ösüşleri ornaşdyrmak, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyny has hem kämilleşdirmek barada giňişleýin durup geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler: bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.