Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Berkarar döwletiň täze maksatnamasy – ýaşlara giň mümkinçilikler açýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki ajaýyp döwrümizde kämil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamakda köp sanly işleriň durmuşa geçirilmegi, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary kemala getirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda bilim bermegiň möhüm ugurlaryny, döwrebap usullaryny ylmy esasda öwrenmäge we işjeň durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.