logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Berkarar Watan - bagtyýar nesil!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli geçirilen dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Berkarar Watan- bagtyýar nesil!” atly göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara görelde mekdebi bolan eserleri, bagtyýar ýaşlarymyzyň gazanan üstünliklerini beýan edýän kitaplar, çeper eserler we körpe nesiller üçin niýetlenen türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Bu gurnalan kitap sergisi parahat ýurdumyzda sagdyn ösüp kemala gelýän ýaşlarymyzda, körpeje çagajyklarda uly täsir galdyrdy.

Ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.