Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Berkarar Watanda goşa baýramym - adalat Kanunym, ýaşyl Baýdagym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni döwletimiziň we jemgyýetimiziň berkararlygyny, sarsmaz güýjüni, ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerini dünýä ýaýýan mukaddesliklere il-günümiziň sarpasynyň belentdigini görkezýän ajaýyp baýramydygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de, esasy Kanunymyzy hem-de Döwlet baýdagymyzy ýaşlara wagyz etmek, olarda watansöýüjiligi terbiýelemek bolsa, biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýandygy barada aýtdylar.
Çäräniň dowamynda döredijilik işgärleriniň Watanymyza, ýaşyl tugumyza, bolan söýgüsini, buýsanjyny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etmegi, çärä gatnaşýanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen ýaşyl tugumyzy hemişe pasyrdadyp, ýagty geljegimize ak ýol açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.