logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BERKARAR WATANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ilkinji zenanlar guramasy bilen Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda “Berkarar Watanyň bagtyýar zenanlary” ady bilen Aşgabat medeni dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, zenan mertebesi belentden tutulyp, mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mähribanlygy, güler ýüzlüligi ajaýyp bahara deňelip, türkmen zenanynyň abraý derejesi, ynsanperwerligi, maşgala ojagyna wepadarlygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de ýazyň ilkinji güni şahyr, Gurbannazar Ezizowyň doglan güniniň ýatlanyp geçilýändigi, şahyryň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan şygyrlary indi ençeme ýyllar bäri Watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun alandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gurbannazar Ezizow “Ýazyň-güýzüň şahyry” diýip tanalýandygy, ýöne ol Watanyna, ene-topragyna, adamlara bolan söýgüsini gursagynda göterip gezeni üçin oňa söýgüniň şahyry hem diýilýändigi barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.