logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BERKARARDYR, PARAHATDYR BU MEKAN

Lebap welaýat kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Berkarardyr, parahatdyr bu mekan» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyza getirýän şan-şöhraty dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. Ýurdumyzyň daşary syýasaty parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, durnukly ösüşiň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýär. Bitaraplygymyzyň dünýädäki ähmiýetiniň artmagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasy gatnaşyklarynyň orny uludyr. Örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.