Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Berkararlygyň synmaz sütünleri» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşyl tugymyz dünýä ýüzünde belentden parlap, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä derejesinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri äleme ýaýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Kanunymyzyň, milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp, şu kanunyň kabul edilendigini hakynda gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Ylham» dutarçylar toparynyň aýdym-sazlary, çykyşlary, ýaşyl tugumyzy wasp edýän goşgulary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.