logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BERKARARLYK MUKAMY – GARAŞSYZLYK AÝDYMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Berkararlyk mukamy – Garaşsyzlyk aýdymy» ady bilen Türkmen halysynyň milli muzeýinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde, şanly Garaşsyzlygymyz–bagtyýarlygymyzyň gözbaşy, ruhy dünýämiziň goşa ganaty, bu günki gün Garaşsyzlygyň beren eşretine guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz üçin mukaddes Watanymyzyň, eziz Arkadagymyzyň ady dillerde sena bolup ýaňlanýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk halkymyza asuda asmany, parahat durmuşy we bagtyýar geljegi peşgeş berendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Aşgabat döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.