logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BERKDEN TUTUP GARAŞSYZLYK BINÝADYN, WATAN ÖŇE BARÝAR GOWŞATMAN BADYN

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlap «Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman badyn» atly maslahat agşamy geçirildi. Maslahat-da çykyş edenler Garaşsyzlyk baýramy-özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi, öz ýurduň hakyky eýesi bolmak, parahatçylyk we asuda durmuş hakynda edilen arzuwlaryň amala aşandygyny, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýardyklary barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar «Garaşsyzlyk mukamy» atly kitap sergisine tomaşa etdiler. Bitaraplyk ýörelgesini baýdak edinip, Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Merdana halkyna işlemäne, ýaşamana ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.