logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar, gowşatmaz badyn

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy, Baş bilim müdirliginiň 40-njy orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar gowşatmaz badyn” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolup, uludan toýlanyp, türkmeniň at-owazasyny äleme ýaýyp, milletiň mertebesini parahatçylyk söýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar eden baýramlaryň biridigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berendigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.